Batyrlar ýurdy
Olar batyr KGB-de,
IIM-de batyr, jeza öýi,
ýa deslapky tussaghana,
urýan ýeri, toba edip,
maýyp-müjrüp edip ili,
araçäkde batyr olar,
gelen, gidýän garyp bolsa,
sada bolsa, talaýarlar,
ýek göreni özünňki,
ýat, keseki üýşendirýär,
çekinýärler myhman bolsa,
dil bilýänden, ýol bilýänden
gaça durýar olar, ýöne
bek tanaýar ezileni,
aýakgaby bolsa köne,
ýylgyrýarlar, gelen döwran
sowulmajak ýaly häzir,
olar batyr goragsyza,
çaga-çuga, aýal-ebtat,
ýa erkekler, erki alnan,
galdyrasa öňlerinde,
ýatdan çykdy Gurbanbibi,
ýatdan çykdy Isgender han,
beýlekiler, türme guçan,
batyr olar häzirlikçe,
begenmeli çykyp gaçan.