Adam barýar daşaryk
Oglanlykdan dalanan,
gowurdagyň bar diýip,
aeroportda talanan,
goýberilse kaýyl ol,
ne atasy göreşdi,
ne kakasy göreşdi,
ne agasy göreşdi,
ne-de özi, çekilip,
çydamadyk ahyry,
açlyk çykardy ýola,
türkmen barýar ýat ile,
bergä girip obada,
hammal bolup üzmeli,
Türkde galyp näçe ýyl,
çagalary näme bor,
ne gün görer aýaly,
ýalan aldy ýurduny,
bir gerçegi ýok ýaly,
göterermi ýüregi,
göterermi beýnisi,
öz ýurdunda dalanan,
gelejegi talanan,
adam barýar ýat ile,
köşeşdirýär öz-özün,
salan bolup al, hile...