Hormatly il ýaşulusy

Gürrüň etmek bolmaýardy, Gazawat,
Gökdepäni agzamazdy agalar,
agzamazdyy basmaçylar diýilýän,
mertebesin gorap ölen ärleri,
aýal-gyzy, ýurdun goran är ýaly,
37, 38, Stalin,
ýa-da Lenin, gyrgynçylyk serdary,
ýatlanmazdy ýamanlykda, soňkusy
babamyzdy, uly dogan hakynda,
ýa-da onuň dili hakda elmydam
gowy gürrüň etmelidi, guwanyp,
begenip ýaşaýan millet mysaly,
uruş hakda, ýeňiş hakda hemişe,
diňe ýalan bolmalydy hakyda,
hatyrasyn tutmalydy goşunyň,
nirelerde näme etsin, parhy ýok,
öz-özüne, bir-birine kast edip,
bolsa bolsun adam arzan, nyrhy ýok,
beýik ýurtda ýaşaýarys diýmegi,
öw diýilse, mekgejöwen öwmegi,
pagta ýygyp, ýat ýurtlara sögmegi
hiç kiçilik bilmeli däl, taryhyň,
öz aslyňy unutmaly döwürdi,
soň bu zaman Sapby, Wowa, Irejep,
görülmedik täze nesil dogurdy,
ogurlasyn, ezsin ilin her näçe,
adyn tutmak bolmaýardy, sen diňe
dymyp ýa-da joşup, öwüp bilýärsiň,
hemem puluň bolsa, sowup bilýärsiň,
gyrp-çyrp edip, ýa gul ýaly ejirde,
gazanan serişdäň sorasa döwlet
gullukçysy, her ädimde oturan,
alyp barýan gowurdagyň ýat ile,
iki günlük nahar boljak kyn günde,
ýa öýüňe balyk getirýän bolsaň,
çagalaryň üçin, agşam naharyň
alyp galýan adamlaryň adyny,
edýän işin agzama sen diýýärler,
bu bir miras agalardan, telpekli,
geçmezden öň gelejegi iýýärler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024