Sen barmagyň gymyldatma
Sen eliňi gymyldatma,
gymyldatma barmagyň hem,
ýok adama ýykylaňda,
dogan bolup, gardaş bolup,
ýa obadaş, görünmedik,
jaň etmedik kärdeşleriň,
ýolda duşsa, sowlup gaçan,
soňra gelse dikeleňde,
işi düşüp, keýpine däl,
gyssananda ýeke galyp,
çuň çukurdan çykaranyň,
gol bereniň öýkelese,
aýyplasa seni görüp
gözbaşynda horlugynyň,
sen eliňi gymyldatma,
gymyldatma barmagyň hem,
özüň iýme, aýyplasa,
her öňýeten, asy diýip,
senden beter, özi bilsin
diý, wah, öňüm gelmese-de,
iň bolmanda soňum gelsin.