Adam we ynam
Sen ynanman, müňkür bolma adama,
näçe agzyň bişirse-de gyzgyn süýt,
suwy üfläp, heläk bolup ýörmede,
ynan ilki, ynamyňy öldürme,
adam uzak gitmez, içi kitüwli,
arly bolsa, uzak ýaşyryp bilmez,
gizläp bilmez bahyl, nadyl adamlar,
diňle, sözün, gürrüň berse bir zady,
özün aklap, başga birin ýaralap,
bular biziň aramyzda, ynanyp,
diňe saňa aýdýan diýse, ynanma,
ol kimdigin aýdýan wagty pikirlen,
soň artykmaç pikir etme ýa ýanma.