Milli ynanç
Hemme bilýär oturgyç
satylýar hem alynýar,
il rysgaly gije däl,
uzakly gün talanýar,
ogurlanýar ömürler,
bir aýdan däl, on ýyldan,
çaga-çuga, ýa naçar,
ýa garrylar gaýgy däl,
ýöne adam akylly,
dana bolup oýnaýar,
meniň işim däl diýip,
köşgi-eýwan elmydam,
bilinýän zat – kän iýip,
gägirmeli jennet dek,
bu milletiň ynanjy,
bolan bolýar çeýe, bek.