Han gargyşy
G.Ezizowyň äheňinde
Öz-özümiz aldamalyň, adamlar,
bizde hökümet ýok, bolarça boldy,
kän garaşdyk, hawa, gelerçe boldy,
ýylgyrarça boldy ýüzüne iliň,
emma özümizi köşeşdirmäliň,
bolar diýip, bir gün düzeler diýip,
türkmen goşy dura-bara, sabyr et,
ýa şükür et diýip, arassa asman,
uruş ody çabyranok diýmäliň,
parahatlyk sözün horladyk gaty,
o gün biri, üç çagaly bir naçar,
gaýynata giden neşekeş bolup,
äri gien hassalykdan, zeýrendi
parhatlyk çörek berenok diýip,
hökümete gelen garakçy bolsa,
ýat illerde işläp, aýralyk iýip,
hasrat guçup çagalaryň ýerine,
nä günlere düşdi millet, dargady,
geliň özümizi köşeşdirmäliň,
bize hak däl, höküm edýän gargady.