Gowy gural

Gural edip mätäçligin, açlygyn,
ownuk-uşak jenaýata itekläp,
ýa batyryp uly batga käbirin,
ulus-ili ýesir etdi hökümet,
agzyn açyp bilmez ýaly hiç haçan,
aýtmak üçin ýürekdäki sözüni,
ezilse-de tä ertirden agşama,
ene-ata, ýa ogul-gyz, parhy ýok,
hiç birisi gorap bilmez özüni,
beýlekini, ýakyny ýa ýakyn däl,
eger hakyn sorap gelse meýdana,
tersine, begener başga urulsa,
nämemeişin, dek gezmänmiş, gaçmaly,
pikir edýär şindi gaçman galanlar,
ýarag etdi ähli zady hökümet,
bogýar ili çyny iýen ýalanlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024