Dert
Bu Muhammet Alyň sözi, sen urlup,
ýykylanyň bilen ýykylmaýarsyň,
ýatmaýarsyň ýerde bulaşyp, halsyz,
dikelýärsiň, belki, uly güýç bilen,
arman, arzuw bilen, galan ahmyryň
çykarýarsyň uranlardan ýüzüňe,
ýöne urulmankaň çekilseň yza,
başyň aşak, ynanmasaň sözüňe,
ýüregiňden gelen diliň ujuna,
başga, başgaň islänini sözleseň,
ýykylýarsyň, galyp bilmän ýatýarsyň,
soň meň ýaly, ýa o ýaly sözläne,
ýerinden galana şyltak atýarsyň.