Hak söz

Öň aýdylan, kän aýdylan bu sözler,
her bir ýurtda öňe çykan, oýlanan,
il derdine jany ýanan diýipdir,
ýa ýazypdyr, galdyrypdyr yzynda:
Okatmaly, okatmaly gyzlary,
okatmaly, okatmaly gyzlary,
okatmaly, okatmaly gyzlary,
sebäbi bir oglanlary okatsaň,
oglanlary okadarsyň, bolany,
emma sen okatsaň gyzlary, ýazy
getiren dek gyş gününde ýurduňa,
nesilleri okadarsyň, ýykylan
milletiňi dikeldersiň ýerinden,
gider ýaly dogrusyndan ýollaryň,
kynam bolsa, daşyn aýryp bir-birden,
öň aýdylan, kän aýdylan hak söz bu,
kä bagyryp, kä aýdylan hüňürdäp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024