Geň adalat
Beýnisine zeper ýeten çagalar,
ýüregine zeper ýeten çagalar,
zeper ýeten ruhuna, müňlerçe,
öz wagtynda iýjegini iýmedik,
ýetde-gütde, geýjegini geýmedik,
mal yzynda, gowaçanyň içinde,
ýa bazarda arabaçy, dilegçi,
ýetim, ýesir, ýa-da ene-ataly,
talaňçylyk başlananda aç-açan,
atalary yza galan, belki-de,
eneleri sada bolan, belki-de,
gördüler, bildiler, döwlet, hökümet
näme diýýär, näme edýär ülkede,
nädip gurýar janly adamdan diwar,
nädip edýär ili özünden bizar...
Beýnisine zeper ýeten çagalar,
ýüregine zeper ýeten çagalar,
düşünýärler Alla bermeýär gelip,
el serene, ýa aglana köçede,
döwüm çöregini öldüm-öldümde,
ol toýunda, meýlisinde begleriň,
hile, ala, gara güýje daýanýan,
kanunlaşan ogrularyň günäsin,
ýazygyny geçýär hudaý her günde,
geçmese-de garyplaryň günäsin,
ýogsa garyp, kemsidilen has adam,
has imanly, görseň gürleşip käsin.