Garakçy döwlet

Oňa aňy, dili açyk gerek däl,
depder bolan gerek durşuna ýalan,
galam bolan gerek durşuna ýalan,
başyny galdyrman diňleýän diňe,
gurjak gerek, janly adam gerek däl,
ýa ýüregi agyrýanlar iline,
sözün aýtjak duşman bolar tobasyz,
urulmaly ýüz-gözüne, biline,
ýa özüni, ýa terk etsin obasyn,
ýat illerde galsyn diýer garakçy,
hary-zar bor yzda dogan-gardaşyň,
göz eder ol, diýer: Ynha, edýänim,
ýuwut diýer günde ganly gözýaşyň...

Oňa gerek özi ýaly ýüreksiz,
öz içine girip bilmeýän gorkup,
agysyny diňlemeýän tümlükde,
etjegini edip bilmän galanyň,
gitjegine gidip bilmän galanyň,
aýtjagyny aýdyp bilmän galanyň,
belki-de, galanyň kölege bolup,
gara garaňkyda, kölegesi ýok,
ýagtylyk isleýän azajyk, käte
iň bolmanda bolar ýaly kölege,
oňa gerek hiç diýmeýän beýtme-dä!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024