Ýokardan sereteseň
Döwletbaşy bölýär ili içinden,
hakyn iýip, elin tutup milletiň,
bir-birine garşy goýýar garyby,
gara gazanyna atyp minnetiň.
Gör, soň ile näme bolýar, bolmaýar,
gara suwa zar bolanyň kitaba,
aň-düşünjä eli ýetmez, Alla jan,
getir diýer azan begleri toba...
Emma pully bilen pulsuza Alla,
deňeçer garaýar uzakdan, belki,
onuň üçin adalatly bar talaň,
ýa ýokardan baksaň, barysy gülki.