Aşgabat bagty

Beýle zat ýok, bu birisi turmaly,
dyrjaşmaly durjak bolup bir özi,
gaçan wagty dost-ýarlary agzybir,
beýlekiler o tarapa geçende,
çekilende dogan-gardaş gazandan,
garasy ýokmasyn, ak galsyn olar,
beýle zat ýok, göreşmeli bu biri,
şere garşy, ýurdy alsa başgalar,
ýesir alsa il-ulusy gorkudan
aýagy däl, pikirleri çolaşan,
tomaşaçy bolan bolup özüne,
beýle zat ýok, gülen bolsun birleri,
ýa aglasyn beýlekisi öýünde,
çagasynyň başyn sypap, günäsiz,
bu birleri gelip, gutaryp bilmez,
azlyk bolar, bir-birine salarlar,
tutulmadyk aýyň derisin mydam,
yzdan gelip, namart urup alarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024