KGB-li millet
KGB-li döwlet zor bolar gaty,
işsiz goýar, töhmet atar, enteder,
türmä basar, tentek eder, ak atyn,
eşeklerin sürüp üstünden iliň,
taryhyny, kimdigini unudan,
dogan-gardaş bolar sergezdan kileň,
ene-ata solar ölmänkä ölüp,
ne ynamyň galar adam ogluna,
ne sylagyň, ýigrenersiň öz-özüň,
iki jahan owarrasy, dowluňa
bogularsyň ýeke galyp öýüňde,
ne ýaşarsyň, ne ölersiň, aralyk,
dogan Günüň nury düşmez üstüňe,
ýokdur, ýöne bulut geler garalyp,
KGB-li döwlet açlygy duzak,
suwsuzlygy ýarag edip ulanar,
ýer gaty bor, bir-birinden kineli,
duşman bolar düýnki dostlar, ar alar,
ýok etjek bor duz iýişen ynsanyn,
KGB-li millet gutarar, Alla,
alaweri diýer, gerek däl janyň!