Düşünseň
Ile garşy göreşme,
öz-özüni ýok edýän,
ýek ýigrenýän bir-birin,
ýeňil-ýelpaý gürrüňi,
agyr gürrüň islemez,
ynanmaýan adama,
ýa hudaýa, gorkmasa,
subut edip bilmersiň,
gök asmana gök diýip,
samsyk borsuň sanaşsaň,
dymsaň – bolarsyň duşman,
düşünmez ol saňa, düşün,
giden diýer garaşman.