Ýarag şeri
Sen adamy tanamasaň, bilmeseň,
sada bolsaň, ossaň özüňe diňe,
haýsy ýandan, haýsy ýaragly geler,
näme bilen urjak bolar, bilmersiň,
nirde, niçik gurjak bolar, bilmersiň,
soň görersiň, iş salyşsaň azajyk,
ýa enteseň, ýol gözleseň azaşyp,
ähli zadyň ýaragdygyn aldajy,
janyň aljak, jan goşjak däl janyňa,
seret haçan, kim gelipdir ýanyňa,
hatda ene, çagalaryn çyrladyp,
ýetim goýar ýarag edinmek üçin,
ar aljakmyş pahyr baran ýerinden,
zar ederin diýip görmäge, Alla,
özüň gora dünýäň ýarag şerinden.