Meýletin sürgün

Abat bolmak bu dünýede,
abat galmak, galjak bolmak,
belki, örän manysyzdyr,
döwük-ýenjik bolan iller,
tapawudy az bor ýurduň,
aýal, erkek, eli ýeten,
dili ýeten diýer urduň,
ýa-da urmak islegiň bar,
daşary gar, ýagyş ýa ýel,
diýmek diňe busmak galýar...

Goşulmaly o döwüge,
bu döwüge gol ýapmaly,
ýek görmeli beýlekisin,
ýaranmaga söz tapmaly,
sylan bolup başgasyny,
döwüp özüň, höwesli däl,
mejbur bolup, beterinden
goranmaly gaçyp her gün,
bu dünýede abat galmak,
galmak, belki, baky sürgün.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024