Perýat
Gecjek bolup, gaçjak bolup ahyry,
gark bolana gülmejek bol derýada,
gezek geler, ýol gözlärsiň, ah urup,
gämiň alyp, goýsa durmuş perýada...
Kepillik ýok, köpri gursaň, ýykarlar,
köşgüň bolsa, içden, daşdan ýakarlar,
seret, kimi eken bagy saklapdyr,
näçe ýapyş, alyp gider akarlar.