Iň soňunda
Jonas Mekasyň äheňinde
Iň soňunda, bilinýän zat,
öňden gelýär, täzelik däl,
ýetjek ýerne ýeten ynsan,
gulak bolup durşy bilen,
aýaklaryn üzüp ýerden,
heläk bolýar ösüp-örňäp,
bolan ýaly bary birden,
sebäbi ol şahyra däl,
gulak asýar iň ýalançy,
iň bihaýa syýsatça,
bilen bolup, gülen bolup,
iň soňunda, bilinýän zat,
çökýär millet ölen bolup.