Soňsuz ýalan
Bardy, boldy, öldi bir gün,
iki güne çekmän ýasy,
dowul bolup bütin dünýä,
öwünýärdi, öwülýärdi,
ýok diýenler bolup asy,
atylypdy ýa-da sürgün
edilipdi Sibirlere,
hyzmat etjek kändi oňa,
waspyn etjek kändi onuň,
meýletin ýa mejbur bolup,
mätäç bolup döwüm nana,
ýa sapançaň nilin görüp,
emma indi ýok bolşewik,
ýa-da galdy agyr halda,
menşewikler ýaly ahyr
ýitip gitmek üçin ýolda,
görüp, bilip düýnki bolan,
bu güni ýok galmagaly,
düşün, ýokdur soňsuz ýalan.