Adam söwdasy

Dirikä satsalar adamy gelip,
saňa pylan diýdi, bileniň gowy,
ýöne galsyn aramyzda, bilmesin,
çak etmesin hatda diýip, pyşyrdap,
duz iýişip seniň bilen, o bilen,
ýurt içi däl, iki-üçkäň daşarda...

Parhy näme kim başlady gybata,
beýlekisi başyn atsa, diňlese,
dirikä satsalar, adamy gaty
arzanladyp, ýere degirip ýanyn,
ýylgyrmaly eken içiňden, gülmän,
öleni satsalar agyrýar janyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024