Egri meselesi
Egri sözün, gapan sözün agzama,
ýarasyna basan ýaly adamyň,
agzama sen pagta sözün, terezi
kezzaplygy hakda jyňkyň çykmasyn,
baş ogrynyň ogurlygyn agzama,
öňki, soňky, ýa olardan ozalky
horluklaryň baş sebäbin agzama,
agzama sen hiç sebäbin jenjeliň,
oda berlen obalary agzama,
agzama sen kitaplary ýakylan,
basyp alan nämeleri etmedi,
nöker edip çäresizi uruşda,
çagalary gul edinip meýdanda,
ogurlady diýme olar milletiň
gelejegin, maldan, mülkden çykaryp,
sürgün etdi diýme ili ilinde,
arasynda özün gutarjak bolup,
başlyk bolan, ýa ýazyjy dilinde,
ýüreginde başga, ýaşady diýme,
ýa ýaşaman öldi diýme barysy,
biri-birisinden gorkup, üýşenip,
agzama sen dowam edýän aldawy,
talaň sözün, ýalan sözün agzama,
öňki, soňky ogurlygyň şärigi,
nätsin, oglan doglan bolsa harmanda,
utanmasyn, iller bilmesin ýa-da,
häzirlikçe bilmedigi oýnasyn,
oýnasyn il görmedigi, şadyýan
aýdym-saza höwes etsin, erteki
otarýana diýsin 'sag bol, oňardyň',
hatda ýurduň ogurlansyn günortan,
halky bilen, ýetde-gütde saklanan,
ogurlady diýme, ogurlyk diýme,
gara nebis diýme adamyň derdi,
şondan ýerin, ýurdun ogurlap iliň,
diýme egri egrä erkinlik berdi,
bu günlere geldik diýme aldanyp,
garym-gatyp edip namardy, merdi.