Ýeňiş keseli
Eger ýeňiş golaýlasa çalaja,
ýa ötügiň aňyrsynda, uzakda
çala yşyk görnen ýaly görünse,
ozal iki, üçlek bolsa göreşýän,
şeýle bir köpeler gykylyk birden,
öňki, soňky haýbat atan, näletlän
azlyk eken diýip, üýşen hederden,
gorkaklardan gorkup, gaçasyň geler,
syzan ýaly has erbedin zulmatyň,
men-ä şeýle, nähilikä özgeler?