Ýeňlen halk

Her ýeňlişiň ýeňileniň özünden,
ene-atasyndan başga, gynanjak
çagasy, naçary, ýüregi ýanjak
dogan-gardaş, dosty-ýaryndan başga,
urýany, depýäni süri-sürüdir,
emma biri demin almaz bildirip,
tomaşaçy bolup oturan millet,
öz ýanyndan mertebeli, namysly,
ejizligin bilýän, utanýan käte
seretmäge çagasynyň ýüzüne,
ýa ýaşaýan gözün gözden gaçyryp,
ezijini itden beter ýigrenýän,
emma telewizor ýesiri bolan,
kä sögse-de içinden ýa daşyndan,
ýeňler öýde, saçagynyň başynda,
hiç söweşe çykman, içine urlup,
adam adam tanar, ýöne ýeňilse,
gulp bolar, açylmaz, içinden gurlup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024