Ilçilik

Iliň seni ýeke goýar,
ilki bilen teke goýar,
soň çekiler beýlekiler,
hakykaty gözlän bolsaň,
ýüregiňi sözlän bolsaň,
galan ile oba bolup,
içi-daşy toba bolup,
heder edip häkiminden,
garaşylýan gepi geplän
gerek bolsa çepi geplän,
ýalan sözlän köplük bilen
çarkandakda, çöplük bilen,
ülpet bolup süplük bilen,
ýol gözlemän galan bolsaň,
özüňden gör, ilden görme,
onuň işi seniň işiň,
kynam bolsa, bitirmeli,
seniň işiň onuňky däl,
ol tapanyn ýitirmeli,
çaga bolup oýnap uzak,
öz-özüne gurup duzak...

Olar ýeke goýar seni,
çagalaryň, eneň, ataň,
ogry-jümriň döwletinde,
düşünmedik bolan bolup,
il diýilýän mydam şeýle,
sen çopan däl, diňe çoluk...

Ego ajy bolsa iliň,
men-menlikde galsa iliň,
ýesir bolup bahyllyga,
ýigrenjini at edinip,
kowsaň, ýolda daljygarsyň,
ýetdirmejek yzyndan hiç,
näçe ylga, gelersiň giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024