Adam aladasy
Her kimiň öz sebäbi bar,
uly, aram, ýa-da kiçi,
onuň özi üçin möhüm,
ýöne adam ownuk bolsa,
kiçi bolsa çendenaşa,
peşeden pil ýasap ýaşar,
çözgüdi däl problemaň,
ýesiri bor ýüpsüz şeriň,
aladasyn eder, gorkar,
açyljak dek ýapan ýeri,
güýji ýetse, ugrun tapsa,
aşak basar başgalary,
bolmaz ýaly artyk, iri,
çünki özi wajyp onuň,
şonuň üçin çem geleniň
hapalajak bolar donun.