Halk huşy
Halkyň haky ýok, KGB
subut edýär muny günde,
subut edýär on müňlerçe
emel ýeten uly, kiçi,
hak diýilýän ýok aslynda,
bolmady ol hiç haçanam,
diýdi iller arabaly
tutar döwlet bar gaçany,
gowy adam, orta daýhan
Sibirlerden çykaryldy,
basyp alan urdy ili,
gyrnak etdi aýal-gyzyn,
erkeklerin urşa sürdi,
adalatly uruşmyşyn,
goramaly diýdi ýurdy,
ogurlanan tükeniksiz,
halkyň haky bolmady hiç,
bolmaz, belki, ýalkamasa
öz-özüni, ogul-gyzyn,
haky üçin turan ýerden,
gülki bolsa gülen bolup,
diri güni ölen bolup,
tomaşaçy bolsa millet,
çykmaz aňsat gara şerden...
Halkyň haky ýok, KGB
subut edýär muny günde,
bu öňdenem şeýledi, hak
berilipdi gul bolana,
gylyç alyp gelenlere,
ýatdan çykdy öňki açlar,
talaňçylar, soňy ýokdy,
iň soňkusy bolşewikdi,
geldi toply, tüpeňli ol,
gyrdy hakym bar diýeni,
basmaçydy ady halkyň,
talaňçydy, talaňçylar
ýurdy çapan dakdy adyn,
islän ýerne isläniniň,
Lenin boldy, Kirow boldy,
Moskwady oba ady,
jan gerekmi – pyçak bolsa,
kelte bolar halkyň ýady.