Ýamanlyk ýoly

Halkyň sözi – halkyň ýüzi,
ýüregi hem beýnisi ýa
niýetidir, biler, bilmez,
agyr ýolda, ýüz-müň ýyllap,
süýrenýär ol ölmez-gülmez,
emma gürrüň etseň derdin,
kän bor dili uzyn merdi,
ýamanlady ol adamy,
ýamanlady bu adamy,
ýamanlady halky diýer,
üýşüp-üýşüp iki, ýeke,
ahmalyny utar, iýer,
dymsaň gowy, biri iliň,
ýa hyzmatkär etseň diliň,
emma aýtsaň, diýseň, erbet,
halk haýyny bolarsyň sen,
düşmedik bolsa millet,
ýaman bolup galarsyň sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024