Köne mesele
Bu şu gün däl,
düýn, öňňun däl, Sokratdan,
Platondan öňem şeýle bolupdyr,
batly gürläp, delili ýok, basylan,
boýun alyp bilmez kelte ýaşanyn,
şyltak atar, agzy, ýüregi zaýa,
beýnä urar gelip sözüniň ysy,
nadaralyk eder uly ýaragyn,
dursaň, gürrüň etseň, bolarsyň asy,
gepe düşünmejek adamlar bilen,
ne öýünde, ne toýunda, ýasynda,
ýa-da başga ýerde ýitirme wagtyň,
çekil Alla bersin diýip gijäni,
soňra ýagyş ýagsyn, eçilsin ýagty.