Adamyň gözi
Açyp bilmez adam adamyň gözün,
ýa ýüregin, dogabitdi kör bolsa,
enesi, atasy daşýürek, belki,
ýa gowudan erbet bolup dogulan,
ýa-da arly, çagalykdan ýaraly,
kemsidilen, göýdük ösüp-ulalan,
adam adam oglun, ýolun görkezip,
tämiz ýola salyp bilmez, sebäbi,
diýer oglan sen nireden bilýärsiň,
haýsy ýoluň dogrudygy belli däl,
kimiň nirde ogrudygy belli däl,
diýer dilli otarma sen erteki,
sen hudaý däl, açar ýaly gözümi,
ýöne käte durmuş açar adamy,
geň galarsyň diňläp aýdan sözüni,
gözli körüň hasa berer eline,
ýöne, ynan, çäre bolmaz erkege,
çagasyny ýarag edýän geline.