Tobasyz millet

Birisi ýazypdyr, gülüp ýa aglap,
hatda wikingler, urup-çapanda,
baran ýerin talap, ýykyp-ýumuryp,
ýakyp, otlap, ýok etmändir bar zady,
goýupdyrlar azda, kände, talanan
gurar ýaly durmuşyny täzeden,
ölmez ýaly açlygyndan, üçeksiz,
gowy görüp däl, elbetde, soňundan
ýene gelip talar ýaly mallaryn,
biziňkiler, hökümete daýanyp,
galar ýaly etmeýärler ýerinden,
ýykylany bergä, borja batyryp,
aýyrýarlar akylyndan, huşundan,
meger, şondan öýün, ojagyn taşlap,
çagalaryn taşlap gaçýar adamlar,
belki, soňra alyp giderin diýip,
ýat illere, ozal talaňçy bolan,
basyp alan ýeten ýerin, satylan,
köşk şahyry näme diýse-de yzdan,
dat, KGB, gelmejekmi toba sen,
ýa bar ili, ady ýaman, gowy däl,
gapgarjakmy ilerdäki oba sen?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024