Halk meselesi
Halk islesin, islemesin, göreşer,
öldürilmez tahýa bilen, mejbury
çäreleriň bolup bezegi, görki,
öldürilmez telpek bilen jemagat,
gyňaç bilen, ak ýa sary reňkli,
aýal bilen, erkek bilen alaçsyz,
gurjak bolan ezijiniň elinde,
gul bolup ýaşamas hemmesi iliň,
şu günlere gelen bolsa göreşip,
saklan bolsa dilin, dinin özüçe,
Taňry bolsun, Alla bolsun ynanjy,
ölmez iliň içde islegi, erki,
bolar, galar ýykylmadyk galasy,
gowşaklary ölse, dogular berki,
gujurlysy, ar-namysly, nalasy
bogmaz ony, urup, çapyp, begenme,
begenme zyndanda çüretdim diýip,
ýetimiň, ýesiriň çöregin iýip...
Ýok, sen ony saklamarsyň ýaşmakly,
sallançakdan tabyda çen aglatman,
soň diýmersiň agysy ýok ýasynyň,
aglar millet ölüsine, näme et,
ýurdunda ýa ýurt daşynda, parhy ýok,
hem sözüni aýdan bolar içinde,
ýetirerler bir-biriniň üstüni,
azda bolsa, hatda bolsa-da kelte
düşünjesi, gözýetimi, dar ýerde
saklansa-da uzak ýyllar çöregi
atly bolup, yzdan ylgap pyýada,
halk islesin, islemesin, göreşer,
çäresi ýok, kaýyl, ýok bolar ýa-da.