Ilkinji wezipe

Eger-de sen bolmaz, başartmaz diýseň,
başarmarsyň hiç bir işi dünýede,
garaşarsyň başgalara göz dikip,
bir ýerlerden gelip, döräp döw bolup,
gara daşy aýyrjaga ýoluňdan,
ýöne gelen bolmaz, ýa-da gelenler,
öz alyna salar tutup goluňdan,
Lenin babam diýip ulalar çagaň,
bilmez ele ýarag alyp göreşen,
erki üçin başyn goýan ärleri,
aýallary, ýüz Leninden ýürekli,
müň Leninden gowy adam, tanasaň,
eger-de sen bolmaz, başartmaz diýseň,
bolmaz, galar gara daşlar ýoluňda,
gara ýürek adamlara ogşaýan,
öldür ilki içiňdäki namardy,
gara görmän galpyldaýan, gagşaýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024