Gowy adam oýny
Gowy adam bolan bolup oýnaýan,
kanagatly, din-imanly daşyndan,
içindäki gazabyny, ýigrenjin
basyp saklap, gorkusyndan, elbetde,
gözün ýumýan ogrulara, ýurt ýykan,
dilsiz mydam, gözün dikip garaşar,
haçan biri eder diýip kyn işi,
aç towugyň dary görüşi ýaly,
süýji bolar aýda, ýylda bir düýşi,
bolup hanyň iň halaýan aýaly...