Nuruň bolsa
Nuruň bolsa ýüregiňde,
şere bakma, haýra guwan,
göwnüň bolsa gülälekli
meýdan ýaly, ýagyş ýuwan,
hassa kän bor halamajak,
emma görüp, bilip durkaň,
ýagtylyga mätäç iliň
sürülişin tümden tüme,
içigara, bahyllardan
darykma sen, bakma yza,
nuruň bolsa, ýykylsaň-da,
nuruňy saç, gal-da dyza!