Ateist ertekisi

O bir ýurduň garrylary,
işe ýarap, işlän durman,
ýaşaýarmyş gaty garyp,
ýöne muňa derek gowy
ýaşaýarmyş iň ýokarky,
iň hormatly emeldar we
onuň ýakyn töweregi,
goragçysy, deputatlar,
kanunlary rejeläp,
gerek bolsa baş kanuny
üýtgetmäge taýyn ýylda,
başlyk diýse şeýdiň şuny!..

O bir ýurduň garrylary,
pidamyşyn, öň ateist,
tas hemmesi men diýýärkä
goldanmyşyn partiýany,
ýa adamy, hudaý bolan,
näme diýse başyn atyp,
indi olar diýip ýetiş,
ýalbarýarmyş Alla, ýatyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024