Aňsat usul
Jorj Orweliň äheňinde
Adamlary ýok etmegiň
aňsat ýoly inkär etmek,
ret etmek adamdygyn,
taryhyny, ýagşy, ýaman,
beýik diýip başgalara,
ynandyrmak kesekiniň
boýna dakan dinine bek,
guwandyrmak başga dile,
düýşünde-de ýetirmän şek,
gepletmezlik gepi bolsa,
açmak nirde sepi bolsa,
bir-birine garşy goýmak,
içinde sag, çepi bolsa,
soňra tapyp nirde pesin,
çykarmaly depesine,
biljek bolsaň sen adamy,
seret diňe şepesine.