Wideoportret

Ol özünden razy,
gözünde ýa ýüzünde
hiç müýni ýok, ýylgyrýar,
ýa-da ussat oýunçy,
syýasatçy döwrebap,
gizlän bolýar içini,
elin çarpyp zalyma,
goldawçysy ýalanyň,
wagyzçysy, hyzmatyn
hödürleýär günedilk,
gözün ýumup talaňa,
görgüsine il-günüň,
üstesine il ogly,
hyzmat edýär halkyna,
bolan bolýar žurnalist,
intellekt durşuna,
bagty gelip okapdyr,
dilin bilýär dünýäniň,
çagasyna gowumyş,
okamaga, ösmäge,
başga ýurdy saýlapdyr,
onuň özi, aýaly,
yzy bolmaly aman,
bolmaly däl ýanalýan,
işewür ol, halalhon,
ýöne biznes jana-jan,
tarap tutýar, bilýär san,
hemem, belki, dilujy,
iş edýän dek ullakan,
käte yzda galanyň
çagasynyň öňünde
duran gorpy görýänin
bildirýär ol salgyny,
ugrun aýdyp çykmagyň,
biri bolman akmagyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024