Jomart ata

Sen hiç kime iki şaýy uzatma,
mätäç diýip, ýa-da dilegçi diýip,
ýa taşlama köpükleriň durana,
garry enä, ýa naçara, çagaly,
eliň tersi bilen jomartlyk etme,
sahawatçy bolma arzan düşende,
kagyz pulam berme, gomalmak üçin,
göz edip, görkezip kimdir birine,
ýa başga bir haýyr işe goşulma,
ertir dile aljak bolsaň, utanman,
eden işiň has çişirip, ulaldyp,
damak ýyrtjak bolsaň, ýa-da biriniň,
ýurtdan gaçan, ýa-da ýesir ilinde,
goý, kim bolsun, ejesini, bajysyn,
ýa kakasyn naharladym, jaýladym,
ol adam däl, hossarlaryn terk etdi,
ýüzügara diýip, gygyrma çykyp,
ýüzügara etme özüňi açyp,
karty ýaly humarbazyň, içgili,
ýüregiňi açyp, ähli garasyn
öňem öňki aklygyny ýitiren,
gara günli dünýä görkezme, adam,
bu ile däl, seniň özüňe gerek,
dökmejek bol çemçe bilen ýygnanyň
çanak bilen, gören görer ile däl,
hakykatda nämä ýakýanyň janyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024