Esasy kemçilik

Bertolt Brehtden erkin terjime

Zalym, seniň tankyň bardyr,
ol basgylap biler halky,
erkek, aýal, çagalary,
hakyn sorap çyksa, dursa,
ýöne onuň bir kemi bar:
ýöreýär ol adam sürse.

Zalym, seniň uçaryň bar,
bombalaýjy, iň güýçlüsi,
hem çalasyn, näçe bolsa
seçip biler ölüm gökden,
ýöne onuň saz bolmagy
ussalara bagly ökde.

Zalym, adam gowy mahluk,
uçup bilýär demir atly,
bilýär gowy öldürmegi,
ýöne onuň bir kemi bar:
pikirlenip bilýär käte,
mydam diýmez lepbeý, däde!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024