Saýlanan tarap
O birisi öz ýazmadyk
kitaplaryn ýazdym diýip,
öz ýazmadyk gazallarnyň
sazlaryny düzdüm diýip,
ýok ýüzüni ýitirdi kän,
ýüzsüz galyp, il başynda
sütem bilen oturdy kän,
gözün göge dikýär millet,
Allaň özi almazmykan?
Bu birisi onuň ornun
arzuw edip gije-gündiz,
özün öwüp, bilmän çakyn,
asyp gökde ýyldyzlardan,
ilki döşün etdi ýara,
soň tarapyn saýlady ol,
artdy biri ýüzi garaň...