Pent

Sen, esasy, kazy däl,
garalawçy däl ile,
özi biler aýybyn,
boýun alsa, almasa,
aklawçy däl, hakyna
aklamaly birlerin,
ýok hantama zadyň kän,
zar bolsaň-da hoş söze,
çaga ýaly kämahal,
emma bilýäň, aýdylmaz,
bu bir başga zamana,
günäli ýa günäsiz,
bilýär, belki, özleri,
gygyrsa-da her näme,
ýa-da dymsa, ýylgyrsa,
samsyk saýyp başgany,
sen, esasy, kazy däl,
garalawçy däl ile,
özi biler her kimiň
gursun, gurmasyn hile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024