Seniň bahaň
Ondan bäri kän ýyl geçdi,
tabak boldy öňki tallar,
ene boldy gyzlar öňki,
ata boldy deň-duşlaryň,
sen atma-at bilmeseň-de,
tanaýarsyň ählisini,
näme geljek ellerinden,
ýa kyn güne düşeniňde,
näme geldi dillerinden,
bugdaý nandan geçen birçak,
bugdaý söze zar bolupdyň,
indi onuň ogly gelip,
gyzy gelip başgasynyň,
utandyrjak bolýar seni,
gurmanmyşyň köprüsini,
geçjek ýerin güle besläp,
iliň üçin çykan däl sen
uly ýola, öldürilýän,
gelen, belki, pul, mal isläp...