Ýurt salamy

Sen eneňe ýat bolmasaň,
sen ataňa ýat bolmasaň,
ýat bolmasaň iliňe sen,
ýat bolmarsyň ýurduňa-da,
guwanarsyň gowy bolsa,
gynanarsyň agyr günde,
ýat bolmarsyň özüňe sen,
oýun eden bolmarsyň hiç
özüň bilen, özge bilen,
oýun edýän kän-le diýip,
oýun diýip dünýä, pany
geçer diýip menden-de ol,
iýeýin we içeýin, bes,
guçaýyn we geçeýin mes
diýmersiň sen eger-eger,
unutmarsyň nämedigiň,
azaşmarsyň özüňden-de,
hanjar urjak ýüregiňe
tapylsa-da her ýerde kän,
ýigrenmersiň özüňi sen,
ýigrenmersiň halkyňy sen,
göreşersiň adam üçin,
taşlamarsyň galamyň sen,
her gün irden ýurduň ýatlap,
pyşyrdarsyň salamyň sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024