Uzak gürrüň
Biz watandan uzakda,
alyslarda azaşan,
ozal garyp il bilen,
ýurdumyzda ýol gözläp,
basyp alnan, talanan,
biz watandan uzakda,
garaşýarys gowulyga,
iň bolmanda azajyk,
galanlara yzymyzda,
monjuk edip ýalany,
daksa döwlet boýnuna,
ýatýan gije aýyrman,
gorkusyndan, belki-de,
ýöne düýşde ýat ile
gaçýan münüp uçara,
biz watandan uzakda,
ýer ýok artyk gaçara.