Diliň bolsa

Eger şerden goranmasaň,
goranmasaň zalymlardan,
emel ýeten, eli egri,
gorkýan, belki, aýbyn bilip,
bir gün toba geler diýip,
biler diýip ýalňyşyny,
kast edenin il-gününe,
kast edýänin özüne-de,
ýa-da ynandyrjak bolsaň,
bu ýaşaýyş ýaşaýyş däl,
adam ýaly ýaşamaly,
urmaly däl, çapmaly däl,
açyk ýaşap, hapa çümmän,
soň hapaňy ýapmaly däl,
bilip durka aň, üşükli,
ynanmaz ol, beter bolar,
içi doly heder bolar;
eger şerden goranmasaň,
zorluk bolar görjegiň täk,
üstesine lal bolmaly,
güň bolmaly bolarsyň sen,
ýa öwmeli, wasp etmeli
ezijjini, mysal daşda,
uzakda däl, gözüň bolsa,
eger dymsaň, zalymlar däl,
sen günäkär, sözüň bolsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024