Başa çykanyň islegi
Iň esasy bolmaly däl özüň sen,
aýdyp, edip pikir eden zadyňy,
seretmeli özgelere nähili,
nirä tarap öwrülýärler, çyzylan
çyzgysy ýa kartasy bar mysaly,
seretmeli agzyn açan adama,
ýat tutulan ýaly ýazylyp berlen
öli sözi seçelände hünji dek,
baş atmaly, ýylgyrmaly, gülmeli,
gara güne bakmaly däl ünji dek,
iliň ony don edinip geýende,
özüň ýaly okan, bilen, aňşyran
çörek diýip, çig minneti iýende,
sen esasy düşünmedik bolmaly,
göze-başa düşmeli däl üýtgeşik,
aýdylmadyk sözi dile getirip,
sen özüňi taşlamaly ýykylsaň,
almaly däl gumun silkip, göterip.