Dymanyň sesi

Martin Luther Kiňiň äheňinde

Seni urýan wagty döwlet,
öldürýärkä janyň alman,
urýan wagty çagalaryň,
urýan wagty eneň, ataň,
doglanlaryň, taýak salman,
dyman halkyň, il-ulusyň
sesi galar gulagyňda,
tä ölýänçäň unutmarsyň
aýak sesin gaçanlaryň,
özün açman açanlaryň,
unutmarsyň iki-ýeke,
ýolda duşup gülenleri,
soň har bolup ölenleri,
'beýtmedä-row, akyll-a sen
olardan kän, kärdeş!' diýip,
goý, saz çalsyn ýagyş näçe,
bilmez dyman sesin iýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024