Päl bendiligi
Ilki özi ikilikçi,
soň aýaly ikilikçi,
söwet döwri süýreg bilen,
goýun soýup diplom alan,
çagalary ikilikçi,
salyp bilmän ÝOJ-a, ýalan,
aýyplaýar başgalary,
ökde çykan, ozan, belki,
ikilikçi ýaryşynda,
doga alýar molla gidip,
pal atdyrýar, bilgiç bolsa,
ady belli ýa başlangyç,
gargyş edýär gije, ýalňyz,
gybat edýär gündiz çöken,
göýdük tapsa özi ýaly,
sen adamy boşatmarsyň,
tutan bolsa niýet-päli.